Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy

  • 15.06.2023 08:24
  • 19k+

14-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bugdaýly tejribe-tohumçylyk» daýhan birleşigine bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň başlygy Ç.Amanow, alym-agronomlar garşyladylar.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Türkmenistanda daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ç.Annaýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň işi, ekin meýdanlarynyň ýagdaýy we durmuşy bilen gyzyklandy.
Kärendeçi daýhan özüniň 28 gektar ýeriniň bardygyny, kärendeçilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini aýdyp, bugdaýyň her gektaryndan 40 sentner töweregi hasyl alyp, döwlet harmanyna 112 tonna bugdaý tabşyrmagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanyň haýyşy boýunça kemsiz ýetişen ak bugdaýdan “Bismilla” diýip, bir desse ordy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurnalan bassyrmanyň saýasynda degişli ýolbaşçylar we ýurdumyzda bolýan myhmanlar bilen oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary, hojalygy dolandyrmagyň täzeçil usullary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......