Türkmen biržasynyň geçen hepdedäki geleşikleriniň bahasy 137 mln dollardan geçdi

  • 12.06.2023 17:20
  • 7.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 137 million dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen A-92 awtobenzini, ýangyç mazudyny, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek toplumlaryny, ranfors, nah ýüplügi, matany hem-de hasany satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 28 million 73 müň manatdan gowrak bolan bugdaý harpygyny, binýatlyk ýagy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......