Türkmenistan BMG-niň gurluşlarynyň ýurtda wekilçiligini artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi

  • 09.06.2023 12:39
  • 5.5k+

8-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory hanym G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili H.Fridrih Şodder, BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Ýewropa sebiti boýunça wekili A.Muhidow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko we UNDP, UNODC, UNFPA, UNICEF, BSGG, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkezi ýaly Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň çägindäki köp sanly meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, guramanyň we gurluşlarynyň Türkmenistandaky wekilçiligini artdyrmaga taýýardyklary mälim edildi. Bu ugurda bellenen mowzuklar boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
BMG-niň bölümleriniň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada habar berdiler, türkmen tarapynyň gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek baradaky tekliplerini goldadylar we bu ugurda pikirleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......