Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany kabul etdi

  • 08.06.2023 21:34
  • 11k+

8-nji iýunda Aşgabada iki günlük resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Ynanyşmak, netijelilik ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns  berildi.
Dünýäde bolup geçýän düýpli özgerişlikleriň häzirki döwründe çylşyrymly ählumumy wehimleri hem-de sebit meselelerini çözmekde her bir döwletiň pikirini nazara almak wajypdyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ikinji möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Söwda, energetika, senagat  kooperasiýasy, logistika, oba hojalygy we hususy ulgam geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Duşuşyk tamamlanandan soň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň gatnaşmagynda belent mertebeli myhmanyň hormatyna agşamlyk nahar berildi.
Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.
Garaşylyşy ýaly, ertir Aşgabatda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki doganlyk döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......