Tesla elektrokary täze ýaryş rekordyny goýdy

  • 08.06.2023 10:58
  • 14k+

Tesla-nyň Model S Plaid elektrokary dünýädäki iň çylşyrymly ýaryş ýollarynyň biri bolan Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy. Bu barada “Electrek” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Model S Plaid iň gowy aýlawyny 7 minut 25,2 sekuntda geçdi. Bu netije elektrokarlaryň arasynda Porsche Taycan Turbo S tarapyndan goýlan öňki rekorddan 8 sekunt tapawut edýär.
Tesla şeýle haýran galdyryjy netijäni ýörite sazlamalaryň we Track Package detallarynyň kömegi bilen gazandy. Oňa Zero-G diskleri, Goodyear Supercar 3R şinalary, şeýle-de karbon-keramiki tormoz girýär. Tesla Track Package-i 2023-nji ýylyň maý aýynda çykardy.
Onuň kömegi bilen öndüriji awtomobile sagatda 322 km çenli bat almaga mümkinçilik berýän sazlamalary açmagy başardy. Ilkibaşda Model S Plaid-iň iň ýokary tizligi howpsuzlyk sebäpli sagatda 262 km tizliginde blokirlenipdi.
Nýurburgringiň umumy sanawynda Model S Plaid häzir dokuzynjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýoluň reýtinginde birinji orun Mercedes-AMG One giperkaryna degişli.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....