Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklandy

  • 29.05.2023 23:16
  • 10k+

Şu gün, 29-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hem-de wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Şeýle hem häkim welaýatlarda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutany obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerine toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.  
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini welaýat häkimlerine tabşyrdy.


düýn 22:09
645

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......