Serdar Berdimuhamedow Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny geçirmegi teklip etdi

  • 19.05.2023 16:02
  • 18k+

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Şeýle hem, biz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýäris» – diýip, döwlet Baştutany belledi.
«Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary we akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa, şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys. Ine, şoňa görä-de, biz bu gyzyklanmalary höweslendirmelidiris hem-de yzygideli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermelidiris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň halklarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny guramagy we şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip edýärin» – diýip, döwlet Baştutany belledi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......