Geçen hepdede türkmen biržasynda 91 mln dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 15.05.2023 15:27
  • 8.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 91 million 682 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Maltanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen mazudy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 31 müň 500 manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bentonit külkesini satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......