«Türkmenhowaýollary» Delä we Pekine hepdede iki gezek uçar

  • 13.05.2023 23:53
  • 10k+

24-nji maýdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä (Hindistan) hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri uçuş eder. Häzirki wagtda Aşgabat-Deli aralygyndaky gatnawlar diňe her hepdäniň ýekşenbe güni amala aşyrylýar. Degişli gatnawlar üçin awiabiletler awiakompaniýanyň saýtynda satuwa çykdy. 

Bir tarapynyň awiabiletiniň bahasy — 5532 manat 70 teňňe.
Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar welin, 3-nji iýuldan 28-nji oktýabr aralygynda hepdede iki gezege çenli (anna we ýekşenbe) azaldyldy. Öň, gatnawlar hepdede üç gezek ýerine ýetirilýärdi.
Pekine gatnawlaryň bir tarapynyň bahasy 9047 manat.

Goşmaça maglumatlary almak üçin: +99312391717 we 085.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......