«Ýollo» harydyňy ýa ýüküňi Türkmenistanyň islendik ýerine 1 günde eltip berýär

  • 14.05.2023 12:43
  • 25k+

«Gadymy kerwen» HK-nyň «Ýollo» bölümi ýükleri Türkmenistanda şäherara we welaýatara eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. «Ýollo» bu ugurda hyzmatlary gysga wagtda, ýagny 1 günde hem-de kepillikli ýerine ýetirýän Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kärhana bolup durýar.

«Ýollo» hyzmatlaryndan islendik raýat, kärhana, dükanlar, şol sanda onlaýn dükanlar peýdalanyp biler. 

Harydyňy şäher içine ýa-da Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek üçin müşderi näme etmeli?

  • Her gün 09:00-dan 17:00-a çenli müşderi «Ýollo» ýüz tutup, talapnama berýär;
  • «Ýollo»-nyň işgärleri her gün 14:00-dan 18:00-a çenli talapnamalar boýunça ýurdumyzyň ähli künjeginden iberilmeli harytlary ýygnaýalar;
  • Talapnama esasynda harytlar ýygnalandan soň, eýýäm ertesi gün «Ýollo»-nyň işgärleri harydy kabul edijä gowşurýarlar.

Hyzmatlaryny kepillikli hem-de amatly bahadan hödürleýän «Ýollo» sargydyň barmaly ýerine aýawly hem zepersiz ýetirilmegini üpjün edýär. Munuň üçin, iberilmeli ýük kabul edilende gözden geçirilip, ýörite gol çekilip alynýar we gaplanylýar.
«Ýollo» gök önümleri, et-süýt, ýumurtga önümlerini, partlaýjy jisimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kanunynda gadagan edilen harytlary ibermeýändigini müşderilerine ýatladýar.

Nyrhnamalar nähili?
40*30*30 sm göwrümdäki 1-5 kg-a çenli ýükleri Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerine ibermegiň bahasy — 50 manat möçberinde kesgitlenen. Beýleki ilatly nokatlara çenli ibermegiň nyrhlary goşmaça kesgitlenilýär (iň uzak aralygyň bahasy — 100 manat). 5 kg-dan agyr agramdaky harydyň her kilogramyna goşmaça 7 manat töleg alynýar.

Aksiýalar
«Gadymy Kerwen» hususy kärhanasynyň «Ýollo» bölümi öz müşderilerine her aýyň 8-18-28 senelerinde welaýat merkezlerine 3 kg-a çenli ýükleri 30 manatdan eltip bermek hyzmatyny hödürleýär.

«Ýollo» ýakyn wagtda mobil goşundysyny hem müşderiler üçin elýeterli eder.
«Ýollo» atly mobil goşundyny müşderiler Play Market-den we App Store-den ýükläp alyp bilerler.

Saýt: http://yollo.com.tm/
Instagram, TikTok, Tmzon: @yollo.com.tm
Tel: +99363066699


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....