Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

  • 12.05.2023 10:38
  • 10k+

11-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistana döwlet saparynyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.

Serdar Berdimuhamedow 10-njy maýda Prezident Emomali Rahmon bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we onuň dowamynda iki döwletiň özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ygrarlydygyny, bu ugra ägirt uly gyzyklanmalaryň tassyklanandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Premýer-ministr Kohir Rasulzoda minnetdarlyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň Premýer-ministri Täjigistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degip geçmek bilen, aýratyn-da, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ähmiýet berdiler.
Önümçilik düzümleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Dokma senagaty hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyzyň bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutany Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady.
Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, birek-birege ugradylýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenildi.
Ýakyn wagtda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparyna başlyklyk edijileriň giňişleýin düzümdäki duşuşygyny guramak hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......