Serdar Berdimuhamedow täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 11.05.2023 01:03
  • 10k+

10-njy maýda Täjigistanda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet kabulhanasynda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara birleşiginiň, ÝHHG-niň we GDA-nyň Parlamentara assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleriniň türkmen we täjik deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmaga, kanun döredijilik hem-de hukuk ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin olara goşmaça mümkinçilikleri berjekdigi bellenildi.
Şol birwagtyň özünde Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklaryň, “tegelek stollaryň”, okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem iki ýurduň deputatlarynyň arasynda dostlukly, özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......