Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 69 geleşik baglaşyldy

  • 08.05.2023 14:30
  • 4.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gonkongyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehnologik enjamlarynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen  ECO-93 kysymly awtobenzin satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn aldylar.  Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 78 million 89 müň dollaryndan gowrak boldy.
Şeýle hem Hindistanyň we BAE-niň telekeçilerine manat serişdelerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 223 müň manada deň boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 50 million 589 müň manatlykdan gowrak “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylary satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......