Mary şäherinde Eýranyň Baş konsullygy işläp başlady

  • 07.05.2023 12:10
  • 10k+

Mary şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly Abdolmajid Kamju öz wezipelerine girişdi. 5-nji maýda ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe öz Konsullyk patentini gowşurdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

B.Mätiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Baş konsulyny täze işe girişmegi bilen gutlamak bilen, oňa konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berýän konsullyk ekzekwaturasyny gowşurdy.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada nygtap geçdiler. Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada gürrüň etdiler. Mary welaýatynyň we Horasan-e-Rezawi welaýatynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk, hususan-da, söwda-ykdysady ugur we konsullyk hyzmatlaryny bermek babatyndaky hyzmatdaşlyk barada bellenildi.
Söwda, ulag we energetika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi hem-de iki ýurduň serhetýaka welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň gurnalmagy boýunça pikir alşyldy.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......