"KAMAZ" Aşgabatdaky ulag sergisine öz elektrobusyny getirdi

  • 04.05.2023 17:26
  • 55k+

“Kamaz” "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023" maslahatynyň çäginde Aşgabatda geçirilen sergide öz öndürýän elektrobuslaryny hödürledi diýip, TASS çarşenbe güni habar berdi.

«Kamaz-yň» baş müdiri Sergeý Kogoginiň şu ýylyň ýanwar aýynda habar berşi ýaly, bu kompaniýa synag üçin Türkmenistana öz öndürýän iki sany elektrobusyny iberdi. Aşgabatdaky sergide Kamazyň wekili TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde ulaglary synag etmegiň henizem dowam edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, sergide Russiýanyň kompaniýalaryna Russiýanyň demir ýollary, “Kommaş” (Oryol oblasty, kommunal hyzmatyň tehnikalaryny öndüriji) we “Ak Bars” gämi gurluşyk korporasiýasy (Tatarstan) wekilçilik edýär.
"Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2023" atly konferensiýa we sergi 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilýär. Onda ulag we logistika pudagyna degişli ministrlikleriň we kompaniýalaryň wekilleri pudagy ösdürmegiň häzirki möhüm meselelerini we hemmetaraplaýyn ýollaryny ara alyp maslahatlaşylýar.


düýn 11:32
2.3k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

26.05.2026 01:02
4.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

16.05.2026 09:58
8.3k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......