Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi konstitusion özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

  • 02.05.2023 12:02
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça sala salşygyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Özbegistanyň raýatlarynyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen sala salşyga işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň, häzirki döwürde amala aşyrylýan özgertmelere giňden düşünýändiginiň, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.
Özbegistan Respublikasynyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşiniň ýurdy ýokary depginlerde ösdürmäge, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we häzirki döwrüň möhüm wezipelerini netijeli çözmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynam bildirip, Serdar Berdimuhamedow hatynda Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, strategik häsiýetli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
30-njy aprelde, ýekşenbe güni Özbegistanda referendum geçirilendigini ýatladýarys.
Möhletinden öň ses berişligiň 19-26 aprel aralygynda geçendigini bellemelidirs. Özbegistanyň 611 müňden gowrak raýaty konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça referendumda möhletinden öň ses berdi.
Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler gözegçilik we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemekde mejlisiň borçlaryny güýçlendirýär, prezidentiň ygtyýarlyklarynyň bir bölegi bolsa iň ýokary kanun çykaryjy organa geçirilýär. Mundan başga-da, prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak teklip edilýär.


şu gün 12:20
202

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......