Özbegistanyň konstitusiýasyny üýetgetmeklige saýlawçylaryň 90,21% -i ses berdi

  • 01.05.2023 23:55
  • 12k+

Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek baradaky referenduma gatnaşanlaryň sany sanawa girizilen raýatlaryň sanynyň 84.54% -ine deň boldy.

Duşenbe güni Trend agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň  başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew tarapyndan geçirilen brifingde mälim edildi.
Nizamhojaýewiň pikiriçe, referenduma gatnaşmak üçin jemi 19,7 million adam hasaba alyndy, şolardan 16,6 million raýat Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek üçin ses berdi.
Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň sözlerine görä, saýlawçylaryň 90,21 göterimi Konstitusiýanyň üýtgedilmegini goldady, 9,35 göterimi bolsa muňa garşy çykdy.
30-njy aprelde, ýekşenbe güni Özbegistanda referendum geçirilendigini ýatladýarys.
Möhletinden öň ses berişligiň 19-26 aprel aralygynda geçendigini bellemelidirs. Özbegistanyň 611 müňden gowrak raýaty konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça referendumda möhletinden öň ses berdi.
Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler gözegçilik we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny wezipä bellemekde mejlisiň borçlaryny güýçlendirýär, prezidentiň ygtyýarlyklarynyň bir bölegi bolsa iň ýokary kanun çykaryjy organa geçirilýär. Mundan başga-da, prezidentlik möhletini 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak teklip edilýär.


05.02.2026 22:58
3.1k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

02.02.2026 00:53
2.7k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

29.01.2026 15:36
2.6k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

30.12.2025 16:22
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...