Kadasyz uky aterosklerozyň güýjemek howpuny 33-40% ýokarlandyryp biler

  • 15.04.2023 10:54
  • 17k+

Amerikaly lukmanlar kadasyz ukynyň koronar arteriýada holesterin dykynlarynyň döremek ähtimallygyny, şeýle hem aterosklerozyň beýleki ýüze çykmalarynyň töwekgelçiligini takmynan 33-40% ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Bu barada Amerikanyň ýüregi öwreniş assosiasiýasynyň (AHA) metbugat gullugy habar berdi.

Düzgün bolşy ýaly, ateroskleroz gan damarlarynyň diwarlarynda holesteriniň ýygnanmagy netijesinde ýüze çykýar, bu bolsa olaryň galyňlaşmagyna, kalsiniň ýygnanmagyna we çeýeliginiň ýitmegine sebäp bolýar. Munuň takyk sebäpleri alymlara entek belli däl, ýöne soňky gözegçilikler aterosklerozyň döremek ähtimallygynyň ýeterlik iýmitlenmezlik we ýaramaz endikleriň bolmagy bilen ýokarlanýandygyny görkezýär.
Gözlegçiler şuňa meňzeş usulda aterosklerozyň ösüşine wagtly-wagtynda ukyňy almazlygyň we uky ýetmezçiliginiň täsir edýändigini anykladylar. Alymlar ABŞ-nyň ortaça 69 ýaş töweregindäki 2000 müňden gowrak ýaşaýjysynyň durmuşyny synlamagyň barşynda şeýle netijä geldiler. Bu adamlaryň hemmesi aterosklerozyň ösmegine täsirini ýetirýän ähli töwekgelçilik faktorlaryny öwrenmäge gönükdirilen MESA taslamasyna gatnaşdylar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......