Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

  • 07.04.2023 10:47
  • 9.1k+

Şu gün, 7-nji aprelde tutuş dünýäde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi.

«Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem dünýä bileleşigi bilen bilelikde eziz Diýarymyzda-da ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýýar» dilip Gutlagda aýdylýar.
TmCars-yň öň habar berşi ýaly, 2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri bilen birlikde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler. Weloýörişiň geçjek ýollarynda günüň birinji ýarymynda ulaglaryň hereketi çäklendiriler.


düýn 12:32
4.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.5k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......