7-nji aprelde Aşgabatda weloýöriş zerarly käbir ýollar bölekleýin ýapylar

  • 06.04.2023 13:12
  • 28k+

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri bilen birlikde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy weloýörişiň geçjek ýollarynda günüň birinji ýarymynda ulaglaryň hereketiniň çäklendiriljekdigini habar berdi diýip, Turkmenportal ýetirýär.

Köpçülikleýin welosipedli ýöriş Aşgabadyň Bekrewe we Çandybil köçesiniň aýlawçasyndaky Welosiped binasyndan gündogarlygyna badalga alyp, Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň kesişmesindäki aýlawçadan demirgazyklygyna, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli aralykda bolar.
Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hereketi Arçabil, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollarynyň üsti bilen dowam etmeklik maslahat berilýär.
Şeýle hem Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy sürüjilere awtoulaglaryny ýol ýakalarda goýmaklygyň her bir herekete gatnaşyja düýpli päsgelçilik döredýändigini ýatladyp, hereket etjek ugruny öňünden kesgitlemegi habar berýär.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......