Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet ministrleri onlaýn görnüşde duşuşyk geçirdiler

  • 05.04.2023 06:36
  • 5.6k+

3-nji aprelde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hindistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Hindistanyň medeniýet ministri Kişan Reddiniň ýolbaşçylygyndaky sessiýada Türkmenistana ministr Atageldi Şamyradow wekilçilik etdi diýip, Orient agentligi habar berýär.

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilen Hindistan — Merkezi Aziýa sammitinde bu alty ýurduň liderleri asyrlarboýy dowam edýän medeni gatnaşyklary berkitmek hem-de özara düşünişmek üçin medeni aragatnaşyga has ýakyndan ýardam etmegi karar etdiler. Geçirilen duşuşykda ministrler bu karary ilerletmek boýunça garaýyşlaryny paýlaşdylar. Taraplar sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň medeni gymmatlyklaryny aýratynlykda hem-de bilelikde açyp görkezjek maksatnamany işläp düzmekligi ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hindi tarapy ministrleriň Bilelikdäki beýanyny hödürledi. Gatnaşyjylar ony mümkin boldugyndan tiz wagtda tassyklamaklygy we şular ýaly duşuşyklary yzygiderli geçirip durmagy ylalaşdylar.


19.06.2026 11:22
4.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......