Azerbaýjan ýurda giriş üçin COVID pasportlaryny ýatyrdy

  • 28.03.2023 15:42
  • 7.8k+

Daşary ýurtlaryň raýatlaryna Azerbaýjana giriş üçin COVID pasportlary gerek bolmaz. Trend-iň habar berşi ýaly, Azerbaýjanyň Ministrler kabinetiniň kararyna görä, 2023-nji ýylyň 28-nji martynda sagat 06:00-dan başlap daşary ýurt raýatlary we bu ýurtlarda hemişelik ýaşaýan beýleki ýurtlaryň raýatlary, şeýle-de raýatlygy bolmadyk adamlar Azerbaýjana girenlerinde COVID-19 pasporty gerek bolmaz.

Belläp geçsek, Azerbaýjanyň Ministrler kabineti “Aýratyn karantin režiminde käbir çäklendirmeleri aýyrmak boýunça goşmaça çäreler barada” karar kabul etdi.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......