Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde edaralara ýolbaşçylary gysga wagtda saýlap almagy tabşyrdy

  • 25.03.2023 22:26
  • 25k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe Arkadag şäherinde täze döredilen iki etrabyň – Gorjaw we Kärizek etraplarynyň häkimlerini haýal etmän bellemek boýunça  teklipleri  bermegi tabşyrdy.

Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy 25-nji martda Arkadag şäheriniň guramaçylyk meseleleri boýunça geçiren mejlisinde belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dolandyryş düzümleri, müdirlikleri, gulluklary hasaba almak, bu edaralaryň ýolbaşçylaryny we işgärler düzümini saýlap almak hem-de kada-kanunçylyga laýyklykda wezipelere bellemek meselelerine jogapkärli çemeleşmek zerur talaplaryň biridir diýip belledi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerlere, degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, Arkadag şäheri boýunça entek edaralarda ýolbaşçy düzümleriniň doly tassyklanmadyklarynyň bardygyny belledi we gysga wagtda öz degişli düzümler boýunça ýolbaşçylaryň saýlanyp alynmagyny doly üpjün etmegi tabşyrdy.
Täze döredilýän edaralaryň düzgünnamalary, gurluşy, wezipe sanawy, işgär sany we möçberleri hem-de wezipe borçlary degişli tertipde tassyklanmalydyr.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......