Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy

  • 24.03.2023 22:16
  • 5.1k+

Şu gün, 24-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlarynda GDA-nyň Synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Arkalaşygyň döwletleriniň bar bolan uly kuwwatynyň dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy. Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, ylym-bilim hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlary, GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmek hem möhüm ugur bolup durýar.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......