Raşid Meredow Ysraýylyň Aşgabatdaky täze ilçisi bilen duşuşdy

  • 24.03.2023 11:54
  • 7.9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldiden ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldamakda oňyn tejrbäniň bardygy beýan edildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalýykdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi işinde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kedgitlenildi. Şol bir wagtda ysraýyl tarapy Türkmenistanda Ysraýylyň medeniýet günlerini gurnamakda gyzyklanmalaryny beýan etdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....