Aşgabatda syýahatçylygy ösdürmek boýunça halkara maslahat öz işine başlady

  • 20.03.2023 12:18
  • 9k+

Şu gün, 20-nji martda Aşgabatda «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady.

Foruma Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.
Maslahatyň işini şöhlelendirmek üçin ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda TmCars.info-nyň habarçylary gatnaşdy.

Forumyň barşynda Bolgariýanyň «Augusta» şypahana we myhmanhana toplumynyň baş direktory, «Bagtyýar dostlar», «Owadan syýahat» HK-larynyň direktorlary, Özbegistanyň «Asia Adventures» kompaniýasynyň wekili, HHR-iň «Shanghai Intercontinental» syýahatçylyk kompaniýasynyň direktory, Horwatiýanyň «Pointer travel DMC» kompaniýasynyň wekili we beýlekiler çykyş etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahatyna gatnaşyjylar Köne Nusaý galasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görerler.
Ertir, 21-nji martda halkara maslahatyna gatnaşyjylar Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde Nowruz ýaýlasynda geçiriljek dabaralara gatnaşarlar.
22-nji martda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenbaşy şäherine baryp, Hazar deňzinde gämide gezelenç ederler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda halkara maslahatyň ýapylyş dabarasy bolar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......