Serdar Berdimuhamedow «Bouygues-iň» ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi

  • 17.03.2023 16:32
  • 10k+

«Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig Prezident Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada giňişleýin maglumat berdi. Işewür şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hasaba alnyp işlenip taýýarlanan täze teklipleri beýan etdi.

Döwlet Baştutany öňdebaryjy binagärlik, inženerçilik-tehniki pikiriň we milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň utgaşykly sazlaşdyrylmagynyň, bu işlere döredijilikli çemeleşilmeginiň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmeginiň, ekologik howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň adamlaryň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini ugur edinýän hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesi, olaryň bellenilen möhletlerinde ulanmaga tabşyrylmagy üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany fransuz kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.
«Buig» kompaniýasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy. Umumy sany 70-e golaý bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň ösüşinde, onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......