Russiýa Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň ýaryşynda oýnar. Onda Türkmenistan hem bar

  • 14.03.2023 11:33
  • 24k+

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) birinji çempionatynda çykyş eder. Bu barada RIA Nowosti agentligine Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň metbugat gullugynyň başlygy Faridun Saliýew habar berdi.

CAFA ýaryşy 2014-nji ýylda döredildi. Assosiasiýa Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol federasiýalary girýär.

“Russiýanyň milli futbol ýygyndysy CAFA-nyň birinji çempionatyna gatnaşar. Toparlaýyn tapgyryň oýunlaryny Daşkentde we Bişkekde geçirmek meýilleşdirilýär” – diýip, Saliýew belledi.

Ýaryş 2023-nji ýylyň 9-njy iýunyndan 21-nji iýuny aralygynda geçiriler.
CAFA-nyň alty agzasynyň ählisi we Russiýanyň milli ýygyndysy ýaryşa gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Şeýle-de, gurama Aziýa toparlaryndan birini çagyrdy. Guramaçylaryň meýilnamalaryna görä, sekiz milli ýygyndy her biri dört topardan ybarat iki topara bölüner. Oýunlar aýlawly ulgam boýunça geçiriler. Birinji orunlary eýelän ýygyndylar finalda oýnar. Ikinji bolan toparlar bolsa üçünji orun üçin oýunda duşuşarlar.


şu gün 22:49
1.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

şu gün 13:39
7.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......