GDA-dan synçylar topary Türkmenistanda deputat saýlawlaryna gözegçilik etmäge girişdi

  • 09.03.2023 18:52
  • 12k+

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi Toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow Aşgabatda GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilham Nematow bilen synçylaryň missiýasynyň ştabynyň açylmagy mynasybetli duşuşyk geçirdi.

GDA-dan synçylar topary Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk işlerine hem-de geçirilişine gözegçilik etmäge girişdiler. Bu barada ORIENT agentligi Arkalaşygyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
G.Myradow saýlawlara taýýarlygyň gidişi hem-de bu babatda ýerine ýetirilýän çäreler barada habar berdi. Öz gezeginde, Ilham Nematow toparyň saýlawlary gurnamak we geçirmek babatynda halkara hukugynyň umumy kabul edilen düzgünlerine we kadalaryna esaslanyp, öz wezipelerini Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda berk ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Häzirki wagtda missiýanyň düzüminiň düzülmegi dowam edýär. Oňa GDA agza-ýurtlaryň wekilleriniň, GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň we Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň girmegine garaşylýar.
Türkmenistanda deputat saýlawlary 26-njy martda geçiriler.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......