«Türkmenistan» awiakompaniýasy Gazagystana yzygiderli uçuşlaryny dikelder

  • 08.03.2023 23:31
  • 16k+

«Türkmenhowaýollary» 2023-nji ýylyň 28-nji martyndan Aşgabat — Almaty — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder. Bu ugur boýunça awiabiletler «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiçadaky Baş agentliginiň resmi saýtynda satuwda peýda boldy.

Aşgabatdan Almata çenli awiabiletiň bahasy Türkmenistanyň raýatlary üçin 27,633 rubl bolar.
T5715/T5717 gatnawlar hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler. Sişenbe güni uçar Aşgabatdan 22:30-da uçup, barmaly nokadyna ertesi gün 02:00-da barar. Penşenbe güni Aşgabatdan 09:05-de uçup, Almata 12:35-de barar.
Mart aýynyň ahyryndan başlap, «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Pekine we Londona uçuşlaryny hem dikelder.


10.06.2026 12:20
11k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.6k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

15.04.2026 08:15
1.4k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

21.03.2026 07:40
1.9k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...