20-nji martda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londona yzygiderli uçuşlaryny dikelder

  • 23.02.2023 19:18
  • 32k+

20-nji martdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Londona yzygiderli howa gatnawlaryny ýerine ýetirip başlar. Aşgabat – London ugry boýunça awiabiletler 23-nji fewralda satylyp başlandy. Bu barada Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berdiler.

Aşgabatdan Londonyň Stansted (STN) howa menziline uçarlar hepdede bir gezek uçar. Ilkinji uçuş 20-nji martda ýerine ýetiriler. Belläp geçsek, öň türkmen awiakompaniýasynyň uçarlary Londonyň Hitrou howa menziline gonýardy. Indi uçarlar London Stansted Airport howa menziline gonar.
Aşgabat – London ugry boýunça awiabiletleriň bahasy türkmen raýatlary üçin 8925 TMT (ekonom klas) we 10675 TMT (biznes klas) bolar. Yzyna uçuş biletleri 615 USD we 1490 USD bolar.
Daşary ýurtly raýatlar üçin Aşgabatdan Londona biletiň bahasy 600 USD (ekonom) we 1250 USD (biznes klas). London – Aşgabat ugry boýunça awiabiletler 715 USD we 1490 USD bolar.


10.06.2026 18:39
3.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....