«Türkmenistan» awiakompaniýasy 24-nji martdan Pekine uçup başlar

  • 23.02.2023 19:03
  • 25k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Pekine yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder. Aşgabatdan (ASB) Pekine (PEK) gatnawlar häzirlikçe hepdede iki gezek ýerine ýetiriler. Ilkinji uçuş 24-nji marta meýilleşdirildi. Bu barada Aşgabadyň Halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugynda habar berdiler.

23-nji fewraldan Aşgabat-Pekin ugry boýunça awiapetekler satuwa çykaryldy.
Aşgabatdan Pekine çenli uçuşyň ekonom klasynyň biletiniň bahasy ýurdumyzyň raýatlary üçin 9275 TMT, biznes klas — 11375 TMT. Yzyna uçuş 553 USD we 853 USD (biznes klas).
Daşary ýurtly raýatlar üçin Aşgabat – Pekin gatnawynyň ekonom klasynyň biletiniň bahasy 600 USD we biznes klas üçin 850 USD bolar. Yzyna awiabiletleriň bahasy degişlilikde 603 USD we 853 USD bolar.
Has jikme-jik maglumatlary «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň edarasyndan ýa-da Aşgabat halkara howa menziliniň sorag-jogap gullugyndan alyp bilersiňiz.


düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....