Dünýäniň iň gymmat syýahat ugruna Aşgabat bilen Mara baryp görmek goşuldy

  • 08.03.2023 13:54
  • 42k+

Adam başyna 130 müň dollar. Dünýädäki iň gymmat syýahat üçin petekleriň bahasy hut şeýle. Türkmenistanda iki ýer — Aşgabat bilen Merw (Mary) bolsa syýahatçylaryň şeýle köp pul töläp baryp görjek ýerleriniň sanawyna girdi.

Bu ugur 2024-nji ýyla meýilleşdirilen bolsa-da, 2023-nji ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, baha babatda «dünýäde 1-nji syýahat» hökmünde hasaplanylýar. Ony baý adamlar üçin niýetlenen syýahatlar bilen meşgullanýan Amerikanyň TCS World Travel kompaniýasy guraýar. Kompaniýa hususy uçarlary ulanyp, dünýäniň dürli künjeklerinde syýahat ugurlarynda ýöriteleşýär diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Kaşaň ugur "Patyşalyklar we medeniýetler" diýip atlandyrylýar we salgylanylýan çeşmä laýyklykda, 2024-nji ýylyň 13-nji iýunyndan 2-nji iýuly aralygynda hereket eder.

Şeýle hem kompaniýa bu syýahata goşulmak isleýänler üçin bahany mälim etdi. "Patyşalyklar we medeniýetler" syýahatyna gatnaşmak isleýän adam, takmynan, 129 müň 950 dollar tölemeli bolar. Hemme zady öz içine alýan ekspedisiýanyň bahasyna şular girýär: hususy uçarda uçmak, myhmanhanalarda, ýerüsti ulagda we nahardan başlap, gündelik çäreleriň ählisi.
Tutuş syýahat 20 gün dowam edip, London (Angliýa), Kotor aýlagy (Çernogoriýa), Krakow (Polşa), Buharest we Suçaw (Rumyniýa), Buhara (Özbegistan), Tbilisi (Gruziýa), Aşgabat we Merw (Türkmenistan), Efes we Mawy kenar (Türkiýe) ýaly birnäçe ýurtda barmaly ýerleri öz içine alýar. 
Syýahatçylary gatnatmak 52 orunlyk Airbus A321neo-LR kompaniýasynyň kaşaň uçary bilen amala aşyrylar.


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......