Mustafa Şentop Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýede geçiriljek parlamentara çärelere gatnaşmaga çagyrdy

  • 04.03.2023 10:48
  • 16k+

3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda barha ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, syýasy ulgamda strategik hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýetini aýratyn nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ýolbaşçysy sebit we ählumumy meselelerinde netijeli kadalaşdyryjy gural bolup çykyş edýän parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi we pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilen parlamentara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Halk Maslahatynyň Başlygy şular barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň energetika, ulag we kommunikasiýalar, maýa goýumlar, söwda, oba hojalygy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagaty ýaly pudaklarynda we beýleki ugurlarda anyk taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň öňünde durýan wezipeleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzyň bu toparyň nobatdaky 7-nji mejlisini, şeýle-de Türkmen-türk işewürlik maslahatyny geçirmäge taýýardygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada-da durlup geçildi.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......