Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Mihail Mişustini doglan güni bilen gutladylar

  • 03.03.2023 12:31
  • 19k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedow gutlagynda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsüni we goldawyny nygtap, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürlik maslahatynyň özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm tapgyra öwrülendigini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň iň gowy däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......