Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň Baştutanyny gutladylar

  • 01.03.2023 12:08
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Tatarystanyň Baştutanyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Siz türkmen halkynyň öňden gelýän we mähriban dosty bolup durýarsyňyz. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylan işlere ýokary baha berýäris. Biziň hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn» diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda bellenilýär.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......