Türkmenistanyň biržasynda bir hepdede 34 million 721 müň dollarlyk haryt ýerlenildi

  • 27.02.2023 18:43
  • 8.5k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna owganystanly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, boýalan tüýjümek önümler, şeýle hem portlandsement ýerlenildi.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 4 million 175 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 500 müň manada deň bolan, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......