Arkadag şäherinden beýleki şäherlere ýokary tizlikli demirýol şahalary gurmak meselesi öwreniler

  • 26.02.2023 13:04
  • 60k+

25-nji fewralda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow bu künjekde, has takygy, Arkadag şäherinden Aşgabada, Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherini paýtagtymyz we ýurdumyzyň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demir ýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegi, şunda ýollaryň ulanyş  düzümlerine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Şol bir wagtyň özünde gurulmagy meýilleşdirilýän demirýol menzilinde ýolagçylar üçin ähli zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi zerurdyr. Şunda pyýadalar üçin geçelgeleriň, söwda dükanlarynyň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylyş derejesine möhüm üns berilmelidir. Häzirki zamanyň ösen tejribesinden ugur alyp, demirýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýapyk görnüşde bolmagy maksadalaýyk hasaplanylýar. Şunda binanyň bezeg aýratynlyklaryna,  döwrebap germewleriniň we eskalatorlaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän awtomenziliň şekil taslamasy bilen tanşyp, oňa käbir belliklerini aýtdy. Toplumyň taslamasyny ýurdumyzyň Binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary taýýarlady. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işlere, degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň baş meýdançasynda oturdylan Baýdak sütüniniň uzaklardan seleňläp görünmelidigini belledi. Şunda belentlik, gözellik we türkmen halkynyň ruhyna kybap beýik dabara utgaşmalydyr. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemlemelidir.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.9k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......