Sentýabrda Täjigistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň V duşuşygy geçiriler

  • 24.02.2023 10:21
  • 5.2k+

2023-nji ýylyň 14-16-njy sentýabrdynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler. Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň habar bermegine görä, şol günlerde şeýle hem Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Ýatlap geçsek, Merkezi Aziýa döwletleriniň IV duşuşygy geçen ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanda Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň I Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň martynda Astanada, II duşuşygy 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde, III duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

şu gün 16:45
685

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......