Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy

  • 08.02.2023 23:01
  • 52k+

8-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.

Ilçihanada Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, wise-premýer, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýede agyr betbagtçylygyň bolandygyny,  bu tebigy hadysada köpsanly adamlaryň şehit bolandygyny, müňlerçe adama şikes ýetendigini aýdyp, özüniň çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan Türkiýe döwletiniň ýolbaşçysy Rejep Taýyp Ärdogana, bütin türk halkyna gynanjyny  bildirip, «Boljak işe çäre ýok» diýlişi ýaly, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady. 
Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir  mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigi barada aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şehit bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, öz adyndan hem-de bütin halkymyzyň adyndan gynanç sözlerini beýan edip, merhumlara iman baýlygyny, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.
Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, Türkiýede bolup geçen ýer titreme netijesinde aradan çykanlaryň sany 9057 adama ýetdi. Şikes alanlaryň sany 52 müň 979 adam.


şu gün 07:42
901

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......