Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýedäki we Siriýadaky ýer titremeleriniň pidalaryna gynanç bildirdi

  • 07.02.2023 01:22
  • 65k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň günorta-gündogar sebitinde, Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al Asada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde  bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Türkiýäniň Hökümetiniň ýanynda Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanlaryna garşy göreşmek boýunça müdirligiň maglumatlaryna görä, Türkiýäniň günorta-gündogarynda bir günde 7 baldan ýokary magnitudaly iki sany ýer titreme bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, Türkiýäniň on sany welaýatynda 1600-den gowrak adam aradan çykdy, 11,1 müň adam şikes aldy.
Siriýada güýçli ýer titremäniň pidalarynyň sany 1 müňden geçdi.
Güýçli titremeler Idlib, Hama, Aleppo, Latakýe, Tartus we Rakka şäherlerinde ýumrulmalara getirdi.


09.06.2026 07:41
9.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.2k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.9k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....