Singapurda gajetleriň kognitiw ukyplaryna ýetirýän täsiri öwrenildi

  • 04.02.2023 23:23
  • 9.9k+

Singapurly alymlar çagalykda gajetleriň ulanylmagy bilen beýniniň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Irki çagalykda gajetleriň aşa köp ulanylmagy kämillik döwründe kognitiw ukyplarynyň ýaramazlaşmagyna getirip biler. Bu barada singapurly alymlaryň barlaglaryna salgylanyp, “Streýts taýms” gazeti habar berdi diýip, bigasia.ru belleýär.

Birnäçe ýylyň dowamynda geçirilen tejribede alymlar 506 çagany synladylar. Olar çagalaryň ene-atalaryndan olaryň bir günüň dowamynda dürli gajetleriň ekranynyň öňünde ortaça näçe wagt sarp edýändigi barada maglumat ýygnadylar. Soňra barlagdan geçirilýänleri ekranyň öňünde sarp edýän wagtlaryna görä toparlara böldüler we bir ýaşdaky, bir ýarym ýaşdaky we dokuz ýaşdaky çagalary synagdan geçirdiler.
Irki çagalyk döwründe çaga gajetlere näçe köp wagt sarp etse, alymlar beýni işjeňliginde şonça-da düýpli gyşarmalary we akyl ýetiriş ukyplarynyň bozulmalaryny ýüze çykardylar. Aýratynam, gözlegçiler gajetleriň aşa köp ulanylmagy bilen impulslary we duýgulary dolandyrmaga, köp basgançakly görkezmeleriň ýerine ýetirilmegine, ünsüň jemlenmegine we çylşyrymly meseleleriň çözülmegine jogap berýän beýniniň ýerine ýetiriji funksiýalarynyň bozulmalarynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar.
Alymlar gajetleriň ýerine ýetiriji funksiýalaryň ýerine ýetirilmegine jogap berýän kelle beýnisiniň prefrontal bardasynyň ösüş prosesine ýaramaz täsir edýändigini öňe sürýärler. Beýniniň bu bölegi ömrüň uniwersitet ýaşyna çenli ösýär, şonuň üçin ol daşarky faktorlaryň täsir etmek howpuna ýykgyn bolýar. “Haçan-da çaga ekrana seredende, ony ýokary dinamiki üýtgeşmeler, ýagtylyk çeşmesiniň hemişe ýanyp sönmesi we işlenmegi üçin ep-esli kognitiw serişdelerini talap edýän sahna üýtgemeleri gurşap alýar. Beýni aşa ýüklenýär we ýerine ýetiriji funksiýalary özleşdirmek üçin ýeterlik derejede serişdeleri bölüp bilmeýär” – diýlip, alymlaryň bilelikdäki beýanynda aýdylýar.
Singapuryň Milli uniwersitetinden we Singapuryň Kliniki medisina institutyndan başga-da, barlaglara Milli Bilim institutynyň, “Keý-Keý” zenanlar we çagalar hassahanasynyň, Makgill uniwersitetiniň hem-de Garward lukmançylyk mekdebiniň işgärleri gatnaşdy.


düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......