Hytaýly alymlar bol süýtli sygry ilkinji gezek klonlaşdyrdylar

  • 02.02.2023 13:27
  • 27k+

Hytaýda alymlar ýylda 18 tonna çenli süýt berip bilýän ýokary öndürijilikli golştin tohumly sygry ilkinji gezek klonlaşdyrdylar.

Global Times gazetiniň habaryna görä, Hytaýyň Demirgazyk-günbatar oba we tokaý hojalygy uniwersitetiniň biologlary tarapyndan üç sany golştin tohumly göle klonlaşdyryldy. Olar malyň somatik gulak öýjükleriniň ýadrosyny geçirmek usulyny ulandylar.
Alymlar toparynyň ýolbaşçysy Szin Ýapiniň pikiriçe, geçirilen synag Hytaýyň maldarçylyk pudagynyň dikeldilmegi üçin möhüm ähmiýete eýe. Häzirki wagtda  Hytaý köp süýt berýän tohumly sygyrlaryň 70% -ini  daşary ýurtlardan satyn alýar diýip, ol belledi.
Hytaýly alymlar iki-üç ýylyň içinde 1000-den gowrak "supersygyrly" sürini ösdürip ýetişdirmegi meýilleşdirýärler diýip, Ýapin gürrüň berdi. Biologlaryň garaşyşy ýaly, bu mallar Hytaýa daşary ýurtlardan sygyr getirilmegine garaşlylyk meselesini çözmäge kömek etmelidir.


düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
4.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......