Alymlar: süýt goşulanda kofe has peýdaly bolýar

  • 02.02.2023 09:35
  • 18k+

Ýewropaly molekulýar biologlar süýt beloklarynyň kofe kislotasynyň we kofe dänesinde bar bolan beýleki antioksidantlaryň täsirini ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Bu çişmäniň has işjeň öňüni almaga we immun öýjükleriniň işlemegini kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bu iş Journal of Agricultural and Food Chemistry žurnalynda çap edildi. Kopengagen uniwersitetiniň metbugat gullugy netijeleri duşenbe güni habar berdi.

Kofe dänesinde diňe bir kofein däl, eýsem köp antioksidantlar hem bar. Nazaryýetde olaryň bedene düşmegi ötüşen çişli ojaklaryň basylmagyna oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem immun öýjükleriniň we adam bedeniniň dürli dokumalarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar. Alymlar kofe antioksidantlarynyň adamlaryň saglygyna näderejede täsir edýändigi bilen köpden bäri gyzyklanyp gelýärler.
Professor Lund we onuň kärdeşleri kofe antioksidantlarynyň kuwwatynyň kofeniň nähili görnüşde içilýändigine ýokary derejede baglydygyny anykladylar. Alymlar adamyň immun öýjügini ösdürmek boýunça geçirilen synaglaryň dowamynda kofeniň güýçli antioksidant we rak keseline garşy aýratynlyklary bolan iki komponentine - kofe we ​​hlorogen turşulyklaryna täsir edip, şeýle netijä geldiler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......