Raşid Meredow YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 25.01.2023 02:40
  • 13k+

24-nji ýanwarda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisine gatnaşdy.

Daşkent duşuşygyna şeýle hem Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşmak üçin şeýle hem Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, YHG-nyň baş sekretary Hysrow Niziri, şeýle hem birnäçe halkara guramalarynyň ýolbaşçylary çakylyk aldylar.
Mejlise gatnaşyjylar söwda, ulag, maýa goýumlar, «ýaşyl» ykdysadyýet, sanly ulgam, energetika we beýleki ugurlarda döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle hem gurama başlyklyk eden döwründe Özbegistanyň işini netijelerine garaldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......