Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 10.01.2023 20:39
  • 5.1k+

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda geçirilen duşuşykda diplomatlar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.
Taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Eýran komissiýasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy. Gün tertibinde ýangyç we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek meseleleri hem bar.
 


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......