HHR-iň parlamentiniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaýa gelmäge çagyrdy

  • 06.01.2023 18:50
  • 9.1k+

6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy.

Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşykda Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygyny iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde belläp, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy. Bular barada aýtmak bilen, HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedowa islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi.
Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň, “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň ähmiýeti nygtaldy.  Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan –Hytaý : zenanlar we ýaşlar” bilelikdäki forumy geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.


şu gün 16:45
195

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....