Geçen hepdede türkmen biržasynda 43 mln dollarlyk geleşik baglaşyldy

  • 26.12.2022 14:53
  • 7.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryna golaý bolan geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Bu barada maglumat «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de ECO-93 awtoulag benzini Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hemde portlandsement ýerlenildi.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri 35 million 560 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......