Dekabryň ahyrynda Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Tokioda duşuşarlar

  • 16.12.2022 16:47
  • 11k+

24-nji dekabrda Tokioda daşary işler ministrleriniň «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatyndaky duşuşygy geçer. Ol hasap boýunça dokuzynjy duşuşyk bolup, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýasi Ýesimasanyň başlyklyk etmeginde Iikura Öýünde geçer. Bu barada Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanynda habar berilýär.

Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň baş diplomatlary sebitde durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, Owganystandaky ýagdaýa we halkara gün tertibiniň beýleki temalaryna serederler.
Ýaponiýa bu duşuşyga uzak wagtlap taýýarlyk gördi we bu mejlis özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlarda anyk hyzmatdaşlyga barýan ýoly bellär diýip umyt edýär diýip, habarda aýdylýar.
«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» forumynyň çäklerinde Ýaponiýanyň daşary işler ministri Merkezi Aziýa döwletlerinden gelen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem meýilleşdirýär. Daşary işler ministrlikleriniň baştutanlary soňky gezek 2019-njy ýylyň maýynda Täjigistanda duşuşypdylar.


şu gün 23:05
244

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 09:55
852

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......