Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi

  • 14.12.2022 16:05
  • 13k+

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdirilýän hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady ugurda Türkiýäniň uzak möhletli ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, söwda dolanyşygy we maýa goýumlary babatynda biziň ýurdumyzda öňdebaryjy orny eýeleýändigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparynyň we işewürler maslahatynyň ähli mümkinçiliklerini täsirli gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin esasy gural hökmünde ulanmaklygyň zerurdygy nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm ugurlarynyň arasynda söhbetdeşler ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklaryny kesgitlediler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn esasda ýurtlarymyzyň arasynda işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläp, döwlet Baştutanlary bilelikde durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamany mysal hökmünde görkezdiler.


düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......